JEMGYÝET

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda çärýek finala çykdy

Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda toparçasynda birinji orny eýeläp, çärýek finala çykdy. Türkmenistanyň çempionynyň çärýek finaldaky garşydaşy Hindistanyň “East Bengal” topary boldy.

Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary 26-njy oktýabrda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň duşuşyklaryna girişip, Maldiw adalarynyň «Maziýa» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Soňra Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny 2:0 hasabynda utan “Arkadag” topary çärýek finala çykmagy başardy.

Ýurdumyzyň çempiony AFK-nyň Çagyryş ligasynda “B” toparçasynda Maldiw adalarynyň «Maziýa» topary, Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” topary hem-de Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen bäsleşdi.

Bu toparçadan “Arkadag” bilen “Al-Arabi” topary ýoluny dowam etdirýär. Çärýek finalda “Arkadag” topary Hindistanyň “East Bengal” topary bilen, “Al-Arabi” bolsa, Omanyň “Al-Seeb” topary bilen duşuşar.

Related posts

CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşdy

Wladimir Putin: Türkmenistanyň Prezidentiniň strategik hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek tagallalaryna ýokary baha berýäris

Arkadag şäheri- ylham gözbaşy” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Ata Watan Eserleri