JEMGYÝET

Arkadag şäheri- ylham gözbaşy” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan “Arkadag şäheri-ylham gözbaşy” ady bilen geçirilen şygyr bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan “Arkadag” şäherine bagyşlanyp guraldy. Bu şygyr bäsleşigine köp sanly goşgulardyr şygyrlar gelip gowuşdy we emin agzalarynyň saýlap alan 29 goşgusy bäsleşige hödürlendi.

Bäsleşigimiziň hemaýatkärleri hökmünde “Makul Hyzmat” Terjime merkezi hem-de “Atavatan Danışmanlık Tercüme LTD” kompaniýasy çykyş etdi.

Şeýle hem bäsleşige hödürlenen şygyrlar wideoýazgy edilip, “Atavatan Tv YouTube” kanalynda, “AtavatanTurkmen Instagram” hasabynda hem-de “atavatantv.com” saýtynda ýerleşdirildi.

Şoňa laýyklykda, bu bäsleşigiň ýeňijileri emin agzalarynyň beren bahalary bilen bir hatarda “Atavatan Tv YouTube” kanalynda, “AtavatanTurkmen Instagram” hasabynda hem-de žurnalymyzyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda, şeýle hem “atavatantv.com” saýtynda görlen sanlary esasynda kesgitlendi.

Bäsleşigi ýeňijilerini öň yglan etmek babatda beren habarlarymyza goşmaça hökmünde gelen goşgularyň awtorlarynyň arasyndaky ballaryň biri-birine ýakyndygy göz öňünde tutulyp, ýene-de 5 awtora her birine 200 manat möçberinde jemi 1000 manat höweslendiriji baýrak bermegi makul bildik.

Soňky maglumatlar göz öňünde tutulyp, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan edýäris.

1-nji orun: Kerim Hallyýew  – baýragy 5000 manat.

2-nji orun: Gurbanjemal Annakowa – baýragy 3000 manat.

3-nji orun: Toýly Jänädow – baýragy – 2000 manat.

Şeýle hem  emin agza agzalarynyň ýörite baýragy mynasyp bolanlar:

  1. Aman Döwletow – baýragy 1000 manat.
  2. Kerim Atçapanow – baýragy 1000 manat.

Mundan başga-da, bäsleşigimiziň hemaýatkärlerinden “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň adyndan bäsleşige hödürlen 5 şygyryň awtorlaryna 200 manatlyk sowgat göz öňünde tutuldy. Aşakda höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan awtorlaryň hem ballary esasy baýragy gazananlardan kän tapawutly bolmandygy üçin olara hem baýrak bermegi makul bildik.

Olar:

  1. Aýjemal Gaýlyýewa -200 manat
  2. Şageldi Salyhow – 200 mant
  3. Nurgeldi Ilgeldiýew – 200 manat
  4. Ysmaýyl Muhammetdurdyýew – 200 manat
  5. Ogulabat Agamyradowa – 200 manat

Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklarynyň gowşurylmagy babatda goşmaça habar bereris.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi