BIZNES

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda gazyň ýakylyşyny azaldar

“Dragon Oil” kompaniýasynyň Türkmenistandaky maýa goýumlary 10 milliard dollara ýetip, bu kompaniýanyň Türkmenistanyň bazarynda işe başlan 2000-nji ýyldan bäri jemi önümçiligi 447 million barrele deň boldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen  «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara foruma gatnaşan “Dragon Oil” kompaniýasynyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan belläp geçdi.

“Dragon Oil” kompaniýasy özüniň strategiýasyny gaýtadan seredip, guýularyň önümçiliginiň netijeligini ýokarlandyrmaga, nebiti gaýtadan öndürmek, gazy ýygnamak we  gazyň ýakylyşyny azaltmaga üns berdik, diýip kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.

Arap kompaniýasy nebit önümçiligini artdyrmak we serişdeleriniň bitewüligini goramak maksady bilen döwrebap tehnologiýalary ulanýar. Şol bir wagtda kompaniýa jemgyýetçilik taslamalaryna üns berip, hünärmenleri taýýarlamak ugrunda tagalla edýär.

“Dragon Oil” kompaniýasy durnukly ösüşiniň iňjeň tarapdary bolup, Türkmenistanyň energetika geçiş ulgamyna goldaw bermäge taýýardyr.

Gazyň ýakylyşygy azalmak jogapkärçilikleriniň çäklerinde kompaniýa metan zyňyndylaryny azaltmak ugrunda innowasion çözgütler işläp düzýär. 2027-nji ýylda kompaniýa gaz ýakylyşyny doly aradan aýyrmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi