BIZNES

Owganystan TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri alyp barar

Owganystanyň Premýer-ministriň birinji orunbasary Molla Abdul Gani Baradar TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) boýunça amaly işleriň ýakyn wagtda başlajakdygyny mälim etdi.

Baradar ýerleri kesgitlemek babatda käbir işleriň bardygyny, ýöne bu işleri ýerine ýetirmek üçin tagalla edilýändigini aýtdy.

Magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şuhabuddin Delawar gazyň bahasy we mukdary baradaky gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi.

“Hyrat welaýatynyň etraplary, esasanam senagat desgalary üçin gaz üpjünçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazyň bahasy ara alnyp maslahatlaşyldy we oňyn ädimler ädildi “-diýip, ministr belläp geçdi.

Şeýle hem Owganystanyň Daşary işler ministrligi TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny gysga wagtda başlamak üçin tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Related posts

Türkiýe Gara deňizdäki tebigy gazy ulanyp başlaýar

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp galýar

«Türkmentel-2022» halkara sergisi geçiriler

Leave a Comment