BIZNES

Owgan işewürleri Aşgabatda senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezer

2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda owgan  harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler.

Serginiň geçýän günleri Owganystana wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezerler.

Serginiň çäklerinde geçirilýän türkmen-owgan işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewürleri özara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirerler.

Owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň işiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan göçme birža söwdalarynyň  guralmagy göz öňünde tutulýar.

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň dolanyşygyny artdyrmakda, owgan kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu serginiň ähmiýeti uly bolar.

Related posts

Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy boýunça brifing görnüşli halkara maslahaty geçiriler

Dünýäniň iň baý gyzjagazy

Türkmen-German işewürlik forumy Germaniýada geçirildi