BIZNES

Türkmenistan Täjigistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat we balykçylyk bölüminiň wekilleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde gepleşikler geçirdi. Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M. Baýramdurdyýew Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklary müdirliginiň başlygy D. Şarifi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Söwda öýüni açmak meselesi boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu taslama barada maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmak meselelerine garaldy.

Söwda öýüniň türkmen hususy önüm öndürijilerine özüniň önümlerini Täjigistanyň bazaryna çykarmaga mümkinçilik berer.

Related posts

İhaleler: Türkmenistan İnşaat Bakanlığı’ndan otogar ihalesi

vepa

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi artýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen İşçi Oranı Artacak

vepa