BIZNES

Türkmen-hytaý söwda gatnaşyklary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky «Türkmendokma» AGPJ-niň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň «Huahe International» kompaniýasynyň prezidenti bilen bilelikde ýüze golaý kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek barada edilen çykyşlar esasynda birek-biregiň pikirleri diňlenildi. Türkmen bazarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak maksady bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy

Türkmenistandaky elektrik stansiýalar utgaşykly dolanyşyga geçiriler

Ata Watan Eserleri

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy