BIZNES

Aziýanyň ösüş bankyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary baha

Şu ýyl sebitde Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň iň ýokary bolmagyna garaşylýar. Bu barada Aziýa ösüş bankynyň aprel aýyndaky hasabatynda (Asian Development Outlook- 2023) mälim edilýär.

Halkara maliýe edarasynyň mälim etmegine görä, şu ýyl Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6,5 göterim bolar diýlip çak edilýär. Bu Merkezi Aziýa sebitinde iň ýokary görkeziji babatdaky çaklama bolup durýar. Şu ýyl Gazagystanyň ösüş depgininiň 3,2 göterim, Gyrgyzystanyň 4,5 göterim, Täjigistanyň 5,5 göterim, Özbegistanyň hem 5 göterim bolmagyna garaşylýar.

Aziýa ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, sebitleýin ösüşde iň ýokary görkeziji Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde gazanylar. Bu sebitde jemi içerki önümiň ösüş depgini 4,8 göterime ýetip biler.

Related posts

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Dr.Döwran Orazgylyjov

CNPC: türkmen gazynyň 340 milliard kubmetri satyn alyndy

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Leave a Comment