BILIM

Türkmenistanda Hytaýyň Lu Ban ussahanasy dörediler

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda “Lu Ban ussahanasy” taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek baradaky teklip öňe sürüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Sian we Hebeý şäherlerine gulluk iş saparynyň çäklerinde 2024-nji 18-nji oktýabrynda  Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.

Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri