JEMGYÝET

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

20204-nji ýylyň 4-6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Türkmen paýtagtynda doganlyk Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramak asylly däbe öwrüldi. Üstümizdäki ýyl bu sergi 11-nji gezek geçirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler toplumynda geçirilmegi göz öňünde tutulan bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýäniň “Uluslararası Meridyen Fuarcılık” kompaniýasy tarapyndan gurnalar.

Köpugurly sergide türk haryt öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümler – senagat pudaklary hem-de oba hojalygy üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş enjamlary we elektronika, ýuwujy serişdeler, dürli kosmetika önümleri, hojalyk harytlary, köke-süýji önümleri görkeziler.

Sergi türkmen we türk işewürleri üçin hyzmatdaşlyk etmek, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýumlaryny giňeltmäge şert döreder.

Ýene-de okaň

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri