JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekerler

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň ahyrynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.

Şol beýannamada bellenilip geçilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlary daşary syýasat edaralaryna Sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasyny (Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeleri boýunça) ylalaşmak boýunça işi ýakyn wagtlarda tamamlamagy tabşyrdylar.

Mundan başga-da, döwletleriň Baştutanlary daşary syýasat edaralaryna XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, «Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky» Şertnamany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geljekki konsultatiw duşuşygynda gol çekmäge taýýarlamagy tabşyrdylar.

Bulardan başga-da, Döwlet Baştutanlary daşary işler ministrlerine Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyny geçirmegiň möhletlerini hem-de ýerini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de konsultatiw duşuşyklaryň gün tertibini taýýarlamagy tabşyrdylar.

 

Awazadaky halkara sergide 113 geleÅŸik baglaÅŸyldy

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy