JEMGYÝET

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda iki ýurduň parlament wekilleriniň  gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşlikde parlamentara gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi nygtaldy. Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşler türkmen-gruzin parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Related posts

Afrika’da Türkmen güreşinin zaferi

vepa

Adam atlarynyň manysy 23-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

2023-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 46 mejlisi geçirildi