SPORT

Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysyna tälim berip biler

Germaniýaly hünärmen Tomas Tuheliň Angliýanyň Futbol assosiasiýasy bilen gepleşikler geçirýändigi bellenildi. Bu barada “Bild” gazetiniň žurnalisti Kristian Falk habar berdi.

2024-nji ýylyň tomsunda geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatyndan soňra Angliýanyň tälimçisi Garet Sautgeýt wezipesini tabşyrypdy. Angliýa bu çempionatyň finalynda Ispaniýa 2:1 hasabynda utulypdy.

Häzirki wagtda Angliýanyň tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn Li Karsli alyp barýar.

51 ýaşyndaky Tomas Tuhel soňky gezek Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna tälim berdi. German hünärmen mundan ozal, “Maýns”, “Borussiýa Dortmunda”, “PSŽ” we “Çelsi” toparlaryna tälim beripdi.

Related posts

«Geljegiň oýunlary» multisport ýaryşy badalga aldy

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna taýýarlanýar

“Barselona” 4 futbolçysy bilen hoşlaşýar

Ata Watan Eserleri