JEMGYÝET

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanda iş saparynda bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 11-nji oktýabrda Aşgabatda iş saparynda bolar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşar. Bu barada Gyrzgystanyň Prezidentiniň Diwanynyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Muratbek Azymbakiýew habar berdi.

– Aşgabatdaky halkara foruma Merkezi Aziýanyň we beýleki döwletleriň Prezidentleri gatanaşar. Öňde boljak forum türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir – diýip, Muratbek Azymbakiýew belledi.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek halkara foruma Russiýanyň, Mongoliýanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň Prezidentleriniň, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygynyň we beýleki döwletleriň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Gazak Lideri «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazak Lideri Abaýyň ýadygärligini açdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Türkmenistana gelýär