DÜNÝÄ

Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti wezipesine girişdi

Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň saýlanan Prezidenti hökmünde wezipe ygtyýarlylyklaryna girişdi. Ol Meksikanyň 66-njy Prezidenti boldy. 62 ýaşyndaky Şeýnbaum bu wezipede 6 ýyl bolar we ol Meksikanyň taryhyndaky ilkinji zenan Prezident. 

2018-2023-nji ýyllarda Klaudiýa Şeýnbaum Mehiko şäheriniň häkimi bolup işledi. Ol inžener-tehniki ylymlarynyň doktory, 100-den gowrak ylmy we syýasy-jemgyýetçilik işleriniň hem-de 2 kitabyň awtorydyr. Onuň eserleri we ylmy işleri energetika, daşky gurşaw we durnukly ösüş ugurlaryna gönükdirilendir.

Şeýnbaum ýurduň ozalky Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradoryň “dördünji transformasiýa” adyny alan syýasat ugruny dowam etdirer.

Zenan Prezident özüniň saýlawdan öňki çykyşlarynda bilimiň ähli derejelerindäki talyplara goldaw bermek, gender deňligi giňeltmek, Meksikanyň medeni beýikligini ýokarlandyrmak we taryhy ýadygärliklerini dikeltmek, döwletiň azyk, energetika we ýangyç garaşsyzlygyny üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary dowam etdirmek ýaly başlangyçlary öňe sürüpdi.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy