BIZNES

“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar

Gyrgyzystanyň Oba hojalygy ministrliginiň habaryna görä, Türkiýäniň “Türk Howaýollary” awiakompaniýasy  Bişkekden Şanhaýa hepdede 300 tonna çenli oba hojalyk önümlerini daşar.

2024-nji ýylyň iýulynda Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işlemek senagaty ministrliginde Türkiýäniň ilçihanasynyň we “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde oba hojalyk önümlerini Bişkekden Şanhaý şäherine daşamak baradaky şertnama gol çekişmek barada gepleşikler geçirildi.

Oňa laýyklykda, türk awiakompaniýalary Hytaýa hepdede 300 tonna oba hojalyk harytlaryny (ýükleri) eltip berer, bu bolsa daşalýan harytlaryň 1 kilogramynyň bahasyny 6-7 dollardan 1,5 dollara çenli arzanladar.

Netijede, gepleşiklerden soň ministrlik ýokardaky şertnamanyň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilendigini habar berdi.

Esasy maksat oba hojalygynyň önümleriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmakdan ybarat. Şunuň bilen baglylykda ministrlik içerki öndürijileri we eksportçylary oba hojalygyny işjeň ösdürmäge we respublikanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga çagyrýar.

Related posts

«Mitsubishi Corparation» : Galkynyş gaz ýatagynda täze taslama

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilýeti Stambuldaky halkara ulag forumyna gatnaşdy