BIZNES

Markalar hakda täsin maglumatlar

Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy.

Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar Hans  Wilsdorf  täze döreden sagatlaryna ýeňil aýdylar ýaly, täsin at gözleýärdi. Tapylmaly at sagadyň ýüzünde hem owadan görünmelidi. Tapan atlary hem göwnünden turuberenokdy. Emma bir gün paýtunynda otyrka, birden “Rolex” adyny tapdy.  Wilsdorf ady nähili tapanlygy barada şeýle gürrüň berýär: “ Elipbiýiň harplaryndan mümkin boldugyça her hili sözleri tapdym, emma hiçbiri isleýşimçe däldi. Londanda ir säher paýtunymda otyrkam, bir peri gelip, gulagyma “Rolex” diýip pyşyrdady”. Rolex-pyşyrdydan dörän at diýsegem ýalňyşmarys.

Zara:  Zara egin-eşik markasy 1975-nji ýylda Ispaniýada gurulýar.  Zara Amancio  Ortego   we Rosalia Mera tarapyndan döredilýär. Dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biridir. Amancio  Ortego   döwründe “Zorba” kinofilmden täsirlenip, kompaniýany adyna “ Zorba” diýip dakypdyr. Emma öz ýakynynda “Zorba” atly restoran bolany sebäpli, kompaniýanyň  adyny üýtgetmeli bolupdyr.  Netijede “Zorba” atdan “Zara” emele gelipdir.

 

Wise-premýer S.Berdimuhamedow: Türkmenistan senagat taýdan ösen ýurda öwrüldi

 

Related posts

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

TOBB Başkanı: Türkmenistan Avrasya’nın Modern Sanayi Ülkesine Dönüşüyor

vepa

USAID: Merkezi Aziýada söwda taslamasyny tamamlady

Ata Watan Eserleri