BIZNES

Aşgabat-Seul hyzmatdaşlygy: göni gatnawlar we täze taslamalar

Mälin bolşy ýaly, golaýda Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak San U Türkmenistanda saparda boldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bu saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Koreýanyň ministri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen geçirilen duşuşykda koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iri gurluşyk taslamalaryna gatnaşmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Pak koreý kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýalary we olaryň “Aşgabat-siti” ýaly beýleki iri taslamalara gatnaşmaga bolan gyzyklanmasy barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşykda 2025-nji ýylda geçiriljek “Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” sammitiniň çäklerindäki bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alşyldy.

Koreýanyň ministri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem koreý tarapy ulag ulgamynda demirýol infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi we beýleki iri taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan gazdan benzin öndürmek boýunça dünýä nusgalyk taslamanyň ikinji tapgyryny işe girizer

Türkmen manady – oýlanyşykly makroykdysady syýasatyň beýany

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalary artýar

Lebap welaýatynda täze suw desgalary ulanmaga berildi

BAE kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýar

OGT-2025: Aşgabatda gatnaşyjylaryň we iş duşuşyklarynyň sany boýunça rekord goýdy