SPORT

Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holandyň transfer bahasy 180-den 200 million ýewro çenli ýokarlandy.

“Transfermarkt” portalynyň habaryna görä, dünýäniň öňdebaryjy futbolçylarynyň transfer bahalaryna täzeden seredildi.

Mundan ozal, 24 ýaşyndaky Holand “Real Madrid” toparynyň üç futbolçysy – iňlis Jude Bellingem, brazil Winisius Junior we fransuz Kilian Mbappe bilen bilelikde birinji orny eýeleýärdi.

Şeýle-de bolsa, reýtingiň täzelenen sanawynda Norwegiýanyň futbolçysynyň transfer bahasy ýokarlandy we ony dünýäniň iň gymmat oýunçysy etdi.

Related posts

Dünýä belli tennisçi sanjym almandygy üçin ýaryşa goýberilmedi

Ata Watan Eserleri

Peruda tapylan ösümlige Messiniň ady berildi

Germaniýa 32 ýyldan soňra basketbol boýunça Ýewropa çempiony boldy