SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Skytaxi” kompaniýasynyň ýük uçary Türkmenistana ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň hyzmatdaşlygynda “SKYTAXI sp. z o.o.” kompaniýasynyň “Boeing 767” ýük uçary Türkmenabadyň halkara howa menziline ilkinji tehniki gonuşyny amala aşyrdy. Bu ýük uçary Hytaý-Ýewropa ugry boýunça uçuşyny amala aşyrýar.

Türkmenabadyň halkara howa menzilinde uçar üçin zerur bolan tehniki hyzmatlar hem-de ýangyç üpjünçiligi ýerine ýetirildi.

Geljekde Türkmenabadyň halkara howa menziline şu görnüşde tehniki gonuşlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Related posts

2015-2025-nji ýyllar: Türkmenistanda üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi 6 müňe golaýlady

“Pepsodent” diş ýuwujy serişdesi

«Aşgabat» seýilgähi gaýtadan açylýar