BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrýar

Türkmenistanda geçirilýän maýa goýum forumyna gatnaşan Özbegistanyň ulag ministrli Ilhom Mahkamow “Ulag arabaglanyşygy we durnuklylyk: ulag we kommunikasiýa ulgamynda maýa goýum taslamalary” plenar mejlisinde çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň gatnaşmagynda ulag başlangyçlary barada maglumat berdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä ummanlaryna gysga ýol bilen çykmagy ugrunda tagalla edilýändigini bellän Özbegistanyň ministri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan we Özbegistan-Owganystan-Pakistan demirýol taslamalarynyň gurluşygynyň okgunly depginde alnyp barylýandygyny beleldi.

Şeýle hem ol sebitde täze ulag geçelgeleriň, hususan-da Russiýa-Hazar deňzi-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan we Belarus-Russiýa-Gazagystan-Özbegistan-Owganystan-Pakistan ulag geçelgesiniň döredilmegi ugrunda tagalla edilýändigini aýdyp, munuň sebitiň ulag-logistika mümkinçiligini pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Şeýle hem ol Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – ÝB, şeýle hem Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – ÝB ýük gatnamalaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklibini mälim etdi.

Özbegistanyň ulag ministri forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineitniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşyp, duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy