DÜNÝÄ

Kamala Harris we Donald Trump arasynda bolan ilkinji teleçekişme

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Kamala Harris we öňki prezident Donald Trump arasynda geçirilýän telewizion çekişme köpçüligiň ünsüni çekdi. Bu debat, geljekki saýlawlaryň netijelerine uly täsir ýetirip biler diýlip garaşylýar.
Debatda esasy mowzuklar içerki we daşarky syýasat, ykdysadyýet, adalat we jemgyýetçilik meseleleri boldy. Kamala Harris, özüniň wise prezidentlik döwrünin̈ üstünlikli bolandygyny belledi we Demokratik partiýanyň maksatnamasy barada durup geçdi.
Donald Trump bolsa, Respublikan partiýasynyň ösüş strategiýalaryny we öz prezidentlik döwründe gazanan üstünliklerini öňe sürdi. Çekeleşigiň dowamynda ikitaraplaýyn tankytlar we gürrüňdeşlikler tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

Bu çekeleşik saýlawçylaryň pikirini özgerdýärmi ýa-da ýakyn günlerde geçiriljek saýlawlara nähili täsir ýetirer, ony wagtyň geçmegi bilen göreris

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy