DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen geçirilen duşuşyk

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň halkara maýyplaryň hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkara bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliýetine maýyplaryň hukuklaryny goramak boýunça milli ulgam we kanunçylyk, şeýle hem ýurtda maýyplaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.
Duşuşykda BMG-niň Maýyplaryň Hukuklary baradaky Konwensiýasynyň we Opsiýonal protokolyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekildi, şeýle hem bu ugurda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň maýyplaryň goldaw ulgamyny giňeltmäge gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini we maýyplaryň adam hukuklaryny ilerletmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda “C5+1” formatynda maýyplaryň hukuklaryny goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär