JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň sergisine gatnaşýar

Türkmenistan wekiliýeti 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu sergide türkmen tarapy akylly Arkadag şäherine bagyşlanan – onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan pawiliony bilen çykyş etdi.

«2024 World Smart City Expo» halkara sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, dürli döwletleriň (Türkmenistan, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Taýland Patyşalygy, Wýetnam Sosialistik Respublikasy, Daniýa Patyşalygy, Finlýandiýa we Ysraýyl döwleti) gatnaşyp, ol jemi 116 sany pawiliony özünde jemleýär we oňa ministrler, ministrleriň orunbasarlary hem-de welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Türkmenistanda 1146 adam raýatlyga kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 736 raýatyň günäsi geçildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edýär

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi