MEDENIÝET

Ranbir we Karina Kapurlar Özbegistanda festiwala gatnaşarlar

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden kinorežissýorlary, aktýordyr aktrisalary bir ýere jemleýän “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly halkara film festiwalynyň nobatdakysyna işjeň taýýarlyk görülýär.

XVI Daşkent halkara “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly halkara film festiwalynyň çäklerinde geçiriljek bäsleşige 60 döwletden 400-e ýakyn film gatnaşmaga isleg bildirdi.

Şeýle hem bu festiwalyň çäklerinde ilkinji gezek TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň animasiýa kinolaryn bagyşlanan forum geçiriler.

Şu ýyl dünýä belli hindi aktýory Raj Kapuryň doglan gününe 100 ýyl dolýar. Şonuň üçin bu gezekki Daşkent festiwalynda Raj Kapuryň döredijiliginiň hormatyna ýörite maksatnama düzüler. Ol Hindistanyň Özbegistandaky ilçihanasy bilen bilelikde gurnalyp, oňa meşhur hindi aktýorynyň neslinden bolan Ranbir Kapuryň hem-de Karina Kapuryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem festiwalda golaýda aradan çykan fransuz aktýor Alen Delonyň iň gowy filmlerine we döredijiligine bagyşlanan döredijilik agşamyny guramak göz öňünde tutulýar.

Kinofestiwala meşhur režissýorlar we kino sungatynyň ägirtleri – Majid Majidi, Alekseý German-kiçisi, Awtandil Maharadze, Hema Malini ýaly sungat işgärleri çagyrylar we olaryň gatnaşmagynda halypa-şägirt sapaklaryny guramak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň kitaphana ýolbaşçylary Bakuda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler