BILIM

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi.

Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Sanly okuw hepdeligi 2024-iň çäklerinde bilim ministrler derejesinde tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy G.Gurdowa wekilçilik etdiler.

Related posts

Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersiteti ähtnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlarynyň ABŞ-daky üstünligi

Açyk gapylar: Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi