Şu gün Azerbaýjanda nobatdan daşary parlamen saýlawlary geçirilýär. Ýurduň saýlawçylary Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputatlaryny saýlamak üçin ses berýärler.
Bu saýlawlar üçin ýurduň çäginde 125 saýlaw okrugy döredildi we 6478 saýlaw uçastogy bar. Dünýäniň dürli döwletlerinden halkara synçylar çagyryldy.
Ses bermek işi ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlady we 19:00-a çenli dowam eder.
Ýurduň parlamentiniň düzüminde 125 deputat bolup, bu orunlar üçin 990 dalaşgär bäsleşýär.
Azerbaýjanda hasaba alnan saýlawçylaryň sany 6 million 412 müň 960 adama deňdir.