SPORT

“Çelsi” Sançony aldy, Sterlingi “Arsenala” iberdi

Angliýanyň “Çelsi” topary tansfer möwsüminiň ahyrky minutlarynda “Mançester Ýunaýted” toparynyň futbolçysy Jedon Sançony kärendesine aldy. Şol bir wagtda topar özüniň güýçli futbolçylaryndan Rahim Sterlingi bolsa, “Arsenal” toparyna iberdi.

Iňlis topary 24 ýaşyndaky Sançony geljek möwsümde dolulygyna satyn almagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem “Çelsi” topary düzümindäki güýçli futbolçylardan Rahim Sterlingi “Arsenal” toparyna kärendesine berdi. 29 ýaşyndaky futbolçynyň aýlyk hakynyň agramly bölegini ýene-de “Çelsi” topary tölemegi dowam eder.

Habar berlişine görä, “Çelsi” bilen Sterlingiň arasyndaky şertnama görä, futbolçy hepdelik 300-350 müň funt-sterling arasynda girdeji gazanýar.

Related posts

“Bawariýa” Çempionlar ligasynda rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Ähli döwürleriň iň baý türgeni

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy