TEHNOLOGIÝA

Täze “iPhone” 10-njy sentýabrda tanyşdyrylar

Amerikanyň “Apple Inc.” kompaniýasy şu ýylyň 10-njy sentýabrynda täze “iPhone” kysymly smartfonyny, “akylly” sagatlaryny we “AirPods” gulaklyklaryny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Kompaniýa ýokarda agzalýan senede tanyşdyrylyş çäresini gurnap, 20-nji sentýabrda bolsa täze smartfonlaryň önümçiligine girişmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem “Apple” kompaniýasy “M4” prosessorly “Mac” model 4 sany noutbuklarynyň hem synag işlerini işjeňleşdirdi.

Adatça, noutbuklar “iPhone” smartfonlaryndan bir aýdan soňra satuwa çykarylýar.

Related posts

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

“WhatsAPP” habarlaşma Applikasiýasy birnäçe sagatdan bäri işlänok

Ata Watan Eserleri

“Nokia”-nyň ilkinji 5G telefony