SPORT

“Beşiktaş” Türkiýäniň Superkubogyny gazandy

Türkiýäniň milli çempionatynyň çempiony “Galatasaraý” topary bilen Türkiýäniň kubogynyň eýesi “Beşiktaş” topary Türkiýäniň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşykda duşuşdy. Atatürk olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşykda ýurduň çempionyny 5:0 hasabynda ýeňen “Beşiktaş” topary Naýbaşy kubogy gazandy.

Duşuşygyň iň gowy futbolçysy hökmünde “Beşiktaş” toparynyň Italiýadan satyn alan Çiro Immobile boldy. ol duşuşygyň 1-nji we 80-nji minutlarynda tapawutlandy. Şeýle hem ýeňiş gazanan toparda 53-nji minutda Jonas Swensson, 90+1-nji minutda Rafa Silwa we 90+2-nji minutda Musfata Hekimogly gol geçirdi.

“Beşiktaş” topary 3 gezek Türkiýäniň Superkubogyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 2006-2007-nji hem-de 2021-2022-nji möwsümlerde bu arzyly kubogyň eýesi bolupdy.

Umuman, bu topar 6-njy gezek Naýbaşy kubogy eýelemek ugrundaky duşuşykda oýnap, 3 gezek ýeňiş gazandy.

Türk toparynyň niderlandly tälimçisi Jowanni wan Bronhorst, şeýle hem toparyň täze futbolçylary Çiro Immobile, Gabriel Paulista we Rafa Silwa topar bilen ilkinji kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady