JEMGYÝET

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary şu ýylyň 1-10-njy awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alyşda bolýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirdi. Bu barada rus ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

– 2024-nji ýylyň 1-10-njy awgusty aralygynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Kazan şäherlerinden 8 mekdep okuwçysy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň çagyrmagy boýunça Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýarlar. Dynç alyş maksatnamasynda giň gerimli medeni meýilnamalar we gezelençler göz öňünde tutuldy.

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik hem-de ökde okuwçylara täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Hazar deňziniň güneşli kenarynda täze güýç almaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňu hoşallygyny bildirýär.

Related posts

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

vepa

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

18-nji asyryñ seýrek täji 20 ýyldan soñra Efiopiýa dolandy

Ata Watan Eserleri