BILIM

 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilýär

2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 (şol sanda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça — 15 müň 303, magistr maksatnamasy boýunça — 623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303 (hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça 199) adam köpdür. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň zerurlyklaryna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň hem-de taýýarlygyň ugurlarynyň ençemesi açylyp, dürli ugurlarda degişli derejedäki hünärmenler ýetişdirilýär.

Ýakyn geljege berilýän çaklamalar, şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler IT ugurly hünärlere islegi artdyrýan bolsa, ähli pudaklarda maliýe-ykdysady, hojalyk gatnaşyklarynyň bolmagy ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan hünärmenlere zerurlygy emele getirýär. Şol sebäpden, diňe bir ol ýa-da beýleki däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin hünärmenler taýýarlanylýan ugurlary ýaşlar tarapyndan has isleg bildirilýän hünärler hökmünde görkezmek bolar.

Ýeri gelende bellesek, her ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargytlary esasynda taýýarlanylýar. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere zerurlyklary bolsa her ýyl dürli-dürli bolýar.

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň duşuşygy: bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi

Ata Watan Eserleri

Ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlyk

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy: koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar geçiriler

ABŞ-da mugallymlar üçin tejribe gazanmak mümkinçiligi

Koreýa Respublikasynda talyp hakly bilim almak mümkinçiligi