BILIM

Talyp karzy: «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky

Türkmenistanyň çäginde ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin talybyň ýakyn garyndaşlaryna berilýär. Bu barada “Rysgal” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde mälim edilýär.

Karz talybyň ýyllyk okuw töleginiň möçberinde 5 ýyla çenli möhletli dikeldilýän karz ugruny açmak bilen, ýyllyk 5 göterimli berilýär.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde üçünji tarapyň zamunçylygy kabul edilýär.

Karz boýunça giňişleýin maglumat almak hem-de karzy resmileşdirmek üçin bankyň baş edarasyna we welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Related posts

Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty

Türkmen oba hojalyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

Ata Watan Eserleri

Talyp-2022: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy