JEMGYÝET

Ispaniýa ilkinji ýarym finalçy

Germaniýada dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda 1/4 finalyň ilkinji duşuşgy geçirildi. Onda ýer eýeleri Germaniýa bilen çempionatyň güýçli ýygyndysy Ispaniýa duşuşdy. Ispaniýa 2:1 hasabynda utup, ilkinji ýarym finalçy boldy.

Duşuşgyň 90 minuty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Duşuşygyň 51-nji minutynda Dani Olmonyň goly bilen Ispaniýa öňe saýlandy. Duşuşgyň 89-njy minutnda Germaniýa Florian Wirts bilen hasaby deňledi.

Goşmaça 30 minut wagt berildi. Şonuň 106-njy minutynda emin Entoni Teýlor Ispaniýanyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny bellemedi.

119-njy minutda bolsa, Mikel Merino tapawutlanyp, Ispaniýanyň ýarym finala çykmagyna mümkinçilik döredildi.

Duşuşygyň ahyrky minutlarynda Ispaniýadan Dani Karwahal gyzyl kart bilen meýdançadan çykaryldy.

Ýer eýeleri Germaniýa çempionat bilen hoşlaşdy. Ispaniýa bolsa, ýarym finalda Portugaliýa bilen Fransiýanyň duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Related posts

TC Aşkabat Büyükelçiliğinden Basın Açıklaması

vepa

Türkmenistan Uluslararası Basketbol Turnuvasında birinci oldu

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär