JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Belent mertebeli myyhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşy aldy. Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça pikir alşyldy.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Antoniu Guterriş halkara howa menzilinden paýtagtymyz Aşgabatdaky  kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna geldiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolýar. Bu saparyny Özbegistandan başlan Antoniu Guterriş Gyrgyzystanda, Gazagystan we Täjigistanda saparda boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mundan ozal, 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolupdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

The Turkmen delegation took part in the work of the 68th session of the Executive Committee of the Program of the United Nations High Commissioner for Refugees

vepa

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi