Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş dünýäde giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň beýik şahyrynyň sarpasy goňşy Özbegistan döwletinde hem belentde tutulýar. Özbegistanyň Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite karary bilen gündogaryň görnükli şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 3000 ýyllygy giňden bellenilýär we şonuň netijesinde, Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň durmuşy barada çeper film surata düşürilýär. Bu barada Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda teleradio žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Magtymguly — umumadamzat şahyry» atly brifingde çykyş eden Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa agentliginiň başlygynyň orunbasary, kinorežissýor M. Erkinow belläp geçdi.

M. Erkinow özüniň kinorežissýor hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Medneiýet ministrliginiň Kinematografiýa agentligi tarapyndan türkmen şahyry Magtymguly Pyragy barada çeper filmi surata düşürmek wezipesiniň berlendigini beleldi.
Ol özüniň hem-de döredijilik toparynyň mundan uly buýsanç duýýandygyny belläp, Türkmenistanyň kinematograflary bilen hyzmatdaşlykda bu filmi düşürmek teklibi bilen ýüzlenendiklerini, türkmen tarapynyň bu teklibi goldandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny bildirdi.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň bahasyna ýetip bolmajak ýakyndan goldawlarynyň çäklerinde 10 günden bäri Türkmenistanda bolup, çeper filmi surata düşürmek işlerini alyp barýandyklaryny belledi.
Bu çeper filmiň hem Türkmenistanda hem-de Özbegistanda düşürilýändigini bellän özbek kinorežissýory Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň durmuşy, doglan ýeri, maşgalasy, şeýle hem söýen ýary barada wideoşekilleriň surata düşüriljekdigini, Özbegistanda bolsa, Pyragynyň bilim alan Gögeldaş we Şirgazy medreseleriniň ýerleşýän Buhara we Hywa şäherlerinde surata almak işleriniň geçiriljekdigini aýtdy.
M. Erkinow Özbegistanda “Özbekfilm” kinostudiýasy tarapyndan gadymy Buhara şäherinde we bu şäherdäki Gögeldaş medresesinde filmi surata düşürmek üçin degişli studiýalaryň döredilýändigini, munuň üçin XVIII asyra degişli 400-den gowrak şol döwrüň milli lybaslarynyň taýýarlanýandygyny belläp geçdi.
Özbek kinorežissýory Türkmenistanda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek türki dünýäsiniň “Gorkut ata” kinofestiwalyna çenli bu çeper filmi taýýarlap, şol festiwalda görkezmegi meýilleşdirýändiklerini belläp geçdi.

Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda teleradio žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Magtymguly — umumadamzat şahyry» atly brifing örän täsirli boldy. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň metbugat wekilleri hem gatnaşdy. Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnaly hem bu media brifingine çagyryldy.
