DÜNÝÄ

ÝUNISEF Türkmenistana täze ýolbaşçy belledi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen bagly meselelere iş ýüzünde ulgamlaýyn çemeleşýändigini belledi. Mundan başga-da, söhbetdeşler 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere garadylar, bu resminamada çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çaganyň saglygy, onuň iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilen.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň saglygyny dikeltmäge mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri