Futbol boýunça Ýewropa çempionatyny (EURO 2024) kabul etjek Germaniýa bu abraly futbol ýaryşyny ikinji gezek ýaryşy kabul edýär. Çempionat Germaniýanyň 10 şäherindäki stadionlarda 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler.
Bu ýaryşy 1988-nji ýylda ilkinji gezek kabul eden Germaniýa, Ýewropa futbol çempionatyny bir gezekden köp guran 4-nji ýurt bolar. Ýewropanyň milli ýygyndy derejesinde iň möhüm futbol ýaryşy şu wagta çenli 14 dürli ýurtda gurnaldy.
Ýewropa çempionatyny iň köp gurnan ýurt Fransiýa bolup, bu ýurtda 3 gezek (1960, 1984, 2016) Ýewropa çempionaty geçirildi. Italiýa (1968, 1980) we Belgiýa (1972, 2000) bu futbol çempionatyny iki gezek kabul eden döwletlerdir.
Ýewropa çempionaty ilkinji gezek 1960-njy ýylda Fransiýada geçirildi. Soňra degişlilikde, Ispaniýa, Italýa, Belgiýa, ozalky Ýugoslawiýa, Germaniýa, Şwesiýa, Angliýa, Niderlandlar, Portugaliýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Polşa we Ukraina bu çempionaty kabul etdi.
14-nji iýun, anna güni Germani bilen Şotlandiýanyň arasyndaky duşuşyk bilen Ýewropa çempionaty badalga alar. 14-nji iýul, ýekşenbe güni final duşuşygy bilen bir aýlyk çempionat tamamlanar.
Ýewropa Çempionatyna 24 döwlet gatnaşyp, olaryň düzüminde 219 topardan futbolçy bar. Çempionatyň 50 duşuşygy üçin 2.7 million bilet satuwa çykaryldy. Biletleriň ählisi diýen ýaly satyldy. 2.2 million bilet janköýerlere satylyp, 500 müň sany bilet bolsa hemaýatkärlere berildi.
Çempionatda ýeňiji bolan milli ýygynda 8 million ýewro pul baýragy berler. Ýewropa çempionatyna gatnaşýan bir milli ýygyndy ähli duşuşyklaryny gazanan halatynda, 28 million 250 müň ýewro pul baýragy gazanar.
