SPORT

Türk futbolçy “Barselona” toparyna geçmekçi

Asly türk germaniýaly futbolçy Ilkaý Gündoganyň Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçjekdigi mälim edildi. Onuň häzirki wagtda düzüminde çykyş edýän Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen şertnamasy tamamlanýar.

Möwsümiň tamamlanmagy bilen Gündogan erkin futbolçy bolar. Şunuň bilen baglylykda, onuň ispan toparyna geçjekdigi we topar bilen şertnama baglaşmaga taýýardygy aýdyldy.

32 ýaşyndaky futbolçy bilen ispan topary hem gyzyklanýar. “Barselona” topary bilen 2+1 ýyl şertnama baglaşjakdygy hem-de salgytlar hasaba alynmazdan  ýylda 12 million ýewro girdeji gazanjakdygy mälim edildi.

Türk futbolçy 2016-njy ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýär.

Related posts

Türkmen türgeniniň “WWFC” ýaryşyndaky ynamly ýeňşi

Angliýada ýylyň duşuşygy: “Mançester Siti” 2 – 2 “Liwerpul”

«Arkadag» topary täze rekordyň bosagasynda

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment