SPORT

“Çelsi” topary “Barselonanyň” ýaş ýyldyzy bilen gyzyklanýar

Angliýanyň “Çelsi” topary Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýaş ýyldyzy Gawi bilen gyzyklanýar. Sport neşirleriniň habar bermegine görä, Londonyň topary 18 ýaşyndaky ispan futbolça uly möçberli şertnama teklip etmegi meýilleşdirýär. Gawi kabul eden halatynda ol iňlis toparynyň iň köp hak tölenýän futbolçysy bolar.

Iňlis toparynyň sport boýunça direktory Kristofer Wiwelliň ispan futbolçynyň wekli Iwan de la Penýa bilen Madrid şäherinde duşuşandygy, bu ugurda gepleşikleriň dowam edýändigi bellenildi.

“Çelsi” toparynyň eýesi ämerikaly işewür Todd Bouliniň hem gatnaşmagynda ikinji bir gepleşik duşuşygy geçirilip, oňa futbolçynyň hossarlarynyň hem çagyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Çelsi” topary baş tälimçi hökmünde Luis Enrike bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär. Gawiniň hem ispan tälimçi bilen işleşmäge gyzyklanma bildirmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri