Häzirki döwürde halkymyz hormatly Prezidentimiziň merdana halkymyza peşgeş beren bolelin, bagtyýar durmuşynda ýaşaýar. Ajaýyp döwrümizde adamlaryň eli islän ýerine ýetýär. Dünýä ülňülerine kybapdaşlykda gurulýan ýaşaýyş jaýlar, aýlyk haklarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlanmagy, azyk bolçulygy, mahlasy, ähli amal edilýän işler raýatlarymyzyň durmuşynyň özgermegine gönükdirilýär.
Adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-asmanda parlaýan Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Şeýle abadan, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz adamyň esasy konstitusion hukuklarynyň biri bolan raýatlaryň zähmet çekmäge hukugynyň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary raýatlary döredijilikli zähmete we demokratik esaslarda jemgyýetçilik işjeňligine höweslendirýär. Raýatlaryň zähmet çygryndaky hukuklaryny üpjün etmekde döwletiň örän ähmiýetli köpugurly wezipeleri bar.
Ýurdumyzda halal zähmet çekeniň hemişe sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyz zähmetsöýerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän ildeşlerimiziň armasyny yzygiderli ýetirip, olara özüniň Şa serpaýlaryny ýapýar.
Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda giň tagallalar edilýär. Şonuň üçin mekdeplerde we ýörite orta okuw mekdeplerinde zähmet sapaklary giňden okadylýar. Mekdebe çenli ýaşly döwründen her bir çaga zähmet işine gatnaşyp başlamalydyr. Onuñ çagalar bagynda we maşgalasynda
ýerine ýetirýän çylşyrymly bolmadyk borçlary gündelik ýerine ýetirilýän işe öwrülmelidir. Diñe şu şertiñ bolmagynda zähmet çagalara bellibir derejede terbiýeleýji täsir edýär. Olaryñ zähmetiñ ahlak
tarapyna añ ýetirmegine ýardam edýär.
Çagalar baglarynda bakja topar, kiçi topar, orta topar, uly topar, mekdebe taýýarlaýyş toparlary bolup, olarda dürli sapaklaryň üsti bilen zähmet çekmek bilen tanyşdyrmaklyk maksada laýykdyr. Aýratyn hem daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagynyň üsti bilen giň mazmunly zähmet terbiýesiniň berilmegi ata Watana, ene topraga söýgi we zähmete höwes döretmekden ybaratdyr.
Okuwçylary zähmete psihologik taýdan taýýarlamak hem zerurdyr. Psihologik taýýarlyk bu okuwçylarda zähmete söýgini kemala getirmek, zähmet endiklerini we başarnyklaryny ösdürmek diýmekdir. Okuwçylary önümçilik zähmetine psihologik taýdan taýýarlamagyň aňyrsynda önümçilik hünärine bolan gyzyklanmany kemala getirmeklik, zähmet işinde okuwçylaryň zähmet endiklerini ösdürmek, zähmet başarnyklary üstünlikli ele almaklary üçin şert döretmeklik ýatyr.
Zähmetde emosiýa hem uly orny tutýar. Zähmet okuwy sapaklaryny kiçi ýaşly çagalara şatlyk getirer ýaly, zähmete, zähmet çekýän adamlara söýgini terbiýelär ýaly, zähmete meýletin gatnaşar ýaly edip guramak zerurdyr. Çagalaryň zähmetsöýerliginiň ösmegine hem-de olaryň zähmete meýletin gatnaşmaklaryna iş otaglarynyň görnüşi, iş ýerleriniň arassa we tertipli bolmagy, serişdeleriň we gurallaryň gowy hilli bolmagy uly täsir edýär.
Gurbanjemal Hojamuhammedowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň zähmet mugallymy.