SPORT

“Galatasaraý” – Türkiýäniň çempiony

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlaryndan soňra düýn Russiýanyň, şu gün bolsa Türkiýäniň futbol çempionaty tamamlandy.

Türkiýäniň futbol çempionatynyň çempiony soňky tapgyrda belli boldy. 3 utuk aratapawut bilen soňky tapgyrda “Galatasaraý” topary myhmançylykda “Konýaspor” toparyny 3:1 hasabynda utup,  bassyr 2-nji, umumylykda 24-nji çempionlygyny gazandy.

“Galatasaraý” topary milli çempionaty 102 utuk bilen jemläp, rekord goýdy. Şeýle hem çempion bolan toparyň düzümindäki argentin ýyldyz Maurio Ikardi 25 gol bilen çempionatda iň köp gol geçiren futbolçy boldy.

 

Related posts

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy

51 ýyldan soňra ýene-de kubok gazandy

PSŽ topary Fransiýanyň Superkubogyny gazandy