SPORT

Sukerberg jiu-jitsuda gök guşagyň eýesi boldy

Dünýä belli işewür hem-de “Meta” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg sportuň jiu-jitsu görnüşi bilen meşgullanýar. Ol sportuň bu görnüşinde gök guşagyň eýesi boldy.

– Tälimçim Deýw Kamarilýony gara guşagyň 5-nji derejesini almagy bilen gutlaýaryn. Onuň bilen türgenleşip, sportuň bu görnüşi we durmuş barada köp zatlar öwrendim. Gök guşagyň eýesi bolmak meniň üçin uly hormatdyr – diýip, Mark Sukerberg jemgyýetçilik torunda mälim etdi.

Gök guşak jiu-jitsu sportunda ýokary galýan basgançaklarda ikinji derejedir. Iň ýokary basgançak gyzyl guşagyň 10-njy derejesidir.

Related posts

Türkmen türgenleri 10 aýda 538 medal gazandy

Aşgabatda milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçiriler

Wegorst “Mançester Ýunaýted” toparyna geçdi

Leave a Comment