JEMGYÝET

Eýranyň Prezidenti aradan çykdy

Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibrahim Raisiniň we daşary işler ministri H.Abdollahiýanyň dikuçary Gündogar Azerbaýjan welaýatynda «kynçylykly gonmagy» sebäpli garaşylmadyk hadysa ýüze çykypdy. Bu hadysadan soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibrahim Raisiniň aradan çykandygy mälim edildi.

“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohbaryň ýolbaşçylygynda nobatdan daşary hökümet mejlisi geçirildi.

Eýranyň 8-nji Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi we daşary işler ministri H.Abdollahiýan hem-de olaryň ýanyndaky beýleki döwlet ýolbaşçylary dikuçar heläkçiliginde aradan çykdy.

64 ýaşyndaky Saýed Ebrahim Raisi Eýranyň 8-nji prezidentidir. Ol 1960-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Meşhed şäherinde dünýä inip, ýurduň ýokary döwlet wezipelerinde işledi. Hususan-da Eýranyň kazyýet, prokuratura edaralarynda ýokary wezipelerde zähmet çeken Ebrahim Raisi 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Eýranyň Prezidenti bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi