BIZNES

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler

Paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.

Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara serginiň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar