MEDENIÝET

Aşgabat Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we suratlary bilen bezeldi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzyň binalarynyň daş-töwereginde, seýilgählerde we bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de onuň esasy köçelerinde baýramçylyk mahabatlary, şygarlardyr nyşanlar ýerleşdirilýär. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär