SPORT

Messi aýyň futbolçysy saýlandy

ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynyň argentin ýyldyzy Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Baş futbol ligasynda (MLS) aýyň futbolçysy saýlandy. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugy habar berýär.

Aprel aýynda Mesi 4 duşuşykda oýnady. 36 ýaşyndaky dünýä çempiony bu duşuşyklarda 6 gezke tapawutlandy.

“Inter Maýami” topary 11 tapgyryň netijesi boýunça Gündogar konferensiýa böleginde birinji orunda barýar. Topar bu duşuşyklar boýunça 21 utuk jemledi.

Related posts

Son Hyn Min – Aziýanyň iň gowy futbolçysy

Ata Watan Eserleri

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal” topary “Pahtakor” bilen duşuşar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy “CAFA NATIONS CUP-2023” ýaryşynda çykyş eder

Ata Watan Eserleri