SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal” topary “Pahtakor” bilen duşuşar

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynda çykyş edýän ýurdumyzyň “Ahal” futbol topary 3-nji tapgyryň çäklerinde Özbegistanyň “Pahtakor” topary bilen duşuşar. Duşuşyk özbek toparynyň meýdançasynda geçiriler.

“Bunedkor” stadionynda 24-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar.

Serdar Geldiýewiň tälimçiligindäki “Ahal” topary Çempionlar ligasynda 3 utuk toplady. Türkmen topary Aşgabatda geçirilen duşuşykda Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Ýaryşyň ikinji tapgyrynda “Ahal” topary BAE-niň “Al-Aýn” toparyndan 4:2 hasabynda asgyn geldi.

Türkmen toparynyň indi duşuşjak özbek topary entek bir utuk hem jemläp bilmedi. “Pahtakor” topary ýaryşyň 2 tapgyrynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Häzirki wagtda “A” toparçasynda öňdeligi 6 utuk bilen “Al-Aýn” topary eýeleýär. Ikinji we üçünji orunlarda degişlilikde 3 utuk jemlän “Ahal” we “Al-Feýha” toparlary barýar.

 

Ýene-de okaň

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri