BILIM

Sanly diplomatiýa boýunça türkmen – hindi okuw merkezini açmak teklip edildi

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan – Merkezi Aziýa Gaznasynyň arasynda wideoşekilli maslahat geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory we professor-mugallymlary, şeýle-de hindi tarapyndan şol gaznanyň ýolbaşçy düzümi we wekili gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäginde gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan – Merkezi Aziýa Gaznasynyň bilelikdäki ylmy monografiki kitabyny çapa taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşygyň barşynda iki tarap hem tekliplerini hödürlediler. Hususan-da, türkmen tarapyndan bilelikdäki göz öňüne tutulýan işiň gidişini kämilleşdirmek, şol sanda, sanly diplomatiýa boýunça türkmen – hindi okuw merkezini açmak we özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

Related posts

Ýagşygeldi Kakaýewiň ady Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakyldy

TT we II-niň talybynyň «eMekdep» ulgamy Aşgabadyň mekdepleriniň ikisinde ornaşdyrylýar

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy