BILIM

Sanly diplomatiýa boýunça türkmen – hindi okuw merkezini açmak teklip edildi

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan – Merkezi Aziýa Gaznasynyň arasynda wideoşekilli maslahat geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory we professor-mugallymlary, şeýle-de hindi tarapyndan şol gaznanyň ýolbaşçy düzümi we wekili gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäginde gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan – Merkezi Aziýa Gaznasynyň bilelikdäki ylmy monografiki kitabyny çapa taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşygyň barşynda iki tarap hem tekliplerini hödürlediler. Hususan-da, türkmen tarapyndan bilelikdäki göz öňüne tutulýan işiň gidişini kämilleşdirmek, şol sanda, sanly diplomatiýa boýunça türkmen – hindi okuw merkezini açmak we özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

Related posts

Bartin Uniwersitetine Attestat bilen okuwa girmek mümkünçiligi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar